Ýaşlaryň buýsanjy

 Ýaşlaryň buýsanjy
Makalalar
13.02.2023, 20:08
720
0
Ýaşlaryň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýän asyrlara barabar işler geçen ýylyň şöhratly sahypalaryny bezedi. Arakadagly Serdarymyzyň ýurt başyna gelmegi bilen ýurdumyzda oňden Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty has-da rowaçlyklara beslendi.

Halk, Watan üçin edilýän haýyrly işleriň, gurulýan binalaryň, ylmy-tehniki ösüşler, halk hojalygy bilen oba hojalygy we senagat pudaklarynda ýetilen sepgitler barada bir çykyşyň dowamynda sanap çykmagam mümkin däl. Bu elbetde, uly-uly eserlerde öz beýanyny tapar diýip umyt edýäris. Durmuşyň haýsy ugry bolanda hem şol ýerde ýaşlara mynasyp orun berilýär. Ýaşlara bolan ynam bolsa, geljege bolan ynamdyr. Hut şonuň üçinem gapymyzdan salam berip gelen täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar Ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däl.

Türkmen ýaşlary hem öz gezeginde özleri hakynda edilýän alada, ynama uly hem buýsançly üstünlikleri bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Bu durmuşyň ähli ugurlarynda ýaşlaryň gazanýan üstünliklerindenem görnüp dur. Ahal welaýatynyň täze merkezine. Akylly şähere Arkadag adynyň dakylmagy başymyzy buýsanja doldurdy. Şeýle dünýä ähmiýetli, häzirki zamanyň ösen tehnoligiki derejesinde gurulýan şäherde hem ýaşlaryň mynasyp goşandy bardyr. Şonuň üçinem Arkadag şäheriniň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň dizaýnyny işläp düzmäge gatnaşan talyplara ýörite sylaglar gowşuryldy.

Täze medeni durmuş desgalary bilen bir hatarda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, okuw jaýlarynyň täze binalarynyň gurlup ulanylmaga tabşyrylmagy, Arkadagly Serdarymyzyň il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň aýdyň nusgasydyr. Biziň ýaşlarymyzyň öňünde şeýle belent hem ajaýyp maksatly işlere öz goşandymyzy goşmagy mynasyp borjumyz hökmünde kabul etmek galýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ Magtymguly adyndaky ilkinji Yaslar guramasynyn baslygy Orazberdi Çaryyew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0