Kanunlaryn makullanmagy

Kanunlaryn makullanmagy
Makalalar
01.12.2022, 13:53
968
0
​ ​ ​ ​ «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 23-nji iýulynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen kanunlaryň makullanmagy ýurdumyzyň geljegini nazarlaýan möhüm başlangyç boldy. Şu ýerde, kabul edilen kanunlaryň maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem bellemegimiz gerek. Arkadagly Serdarymyzyň 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda gol çeken esasy kanunlarynyň biri-de «Elektron hökümet hakynda» Kanunydyr. Ol 5 bapdan, 28 maddadan ybarat. Bu kanun döwlet edaralaryny ilata hödürlenýän elektron hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin çäreleri görmäge borçlandyrýar. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary we maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylýar. Şunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasy görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly, sargyt edijini gatnaşdyrmazdan, özbaşdak alar. Kanuna laýyklykda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada elektron resminama görnüşinde iberilen sargytnama deňeşdirilýär. Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitleniýän elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara, şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Didar Öwezow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0