Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi

Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi
Makalalar
07.11.2023, 08:40
211
0
Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her gününi göwün göteriji ajaýyp wakalar, hoş habarlar bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi barada bu guramanyň Baş direktorynyň çözgüdiniň yglan edilendigi hakyndaky hoş habar hem tutuş halkymyzy buýsandyrdy.​

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary, daşary işler ministri bular barada hasabat bermek bilen, şatlykly habaryň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda biziň döwletimiz BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek ugrundaky işe hem 2021-nji ýylda girişildi.

Ak mermer lybasly gözel Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllarky tutanýerli zähmetiniň, ýurdumyzyň ýüregi gözel paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek ugrundaky uly tagallasynyň miwesidir.

Jumageldi Begenjow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0