Gurluşykda täze meýilnamalar

Gurluşykda täze meýilnamalar
Makalalar
12.02.2023, 19:09
847
0
Gurluşykda täze meýilnamalar

Üstsmizdäki ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mežlisini geçirdi. Mežlisde ýylyň jemlerine seretmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň geljekgi ösüşine dahylly birnäçe möhüm kararlaram kabul edildi. Ýylyň jemleri boýunça ýetilen sepgitleriň hasabaty buýsandyryjy netijeleri berýär. Batly depgin bilen ösüşlerde öňe barýan Watanymyzyň geljeginiň hem parlak boljakdygy Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän möhüm ähmiýetli kararlarda öz beýänyny tapýar.

Hut şeýle kararlaryň biri hem şol mežlisde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň abadanlygy hem ösüşi bilen bagly ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek, lagym hem ýagyn suwlary üçin niýetlenen ýerasty zeýkeş ötüklerini gurmak babatynda “Interbudmontaž” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän karardyr. Bu iş ýedi ýyllyk maksatnamany göz öňünde tutmak bilen gözel paýtagtymyzyň abadanlygyny hem arassalgygyny saklamakda, döräp biljek tebigy hadysalaryň öňüni älmakda möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyzyň her bir kabul edýän kararlary halkymyzyň abadan hem döredijilikli ýaşaýyşyny üpjün etmek maksadyndan ugur alýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallymy Nurgeldi Muhammedkulyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0