Nesil aladasy

Nesil aladasy
Makalalar
21.10.2023, 15:43
281
0
Nesil aladasy

Türkmen halkynyň mil­li Lideri: «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taý­dan sagdyn, eziz Wat­anymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-­da beýgeltjek nesill­er üçin beýik geljegi gurýarys» diýip ny­gtaýar we çagalaryň terbiýelenişi, okaýş­y, dynç alşy bilen hemişe içgin gyzyklan­yp durýar.

Bu gün ata Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Nesilleri­miz bagtyýarlygyň go­ýnunda erkana ösüp-u­lalýarlar. Sebäbi, başda-da belläp geçiş­imiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýa­rlyk döwründe hemmet­araplaýyn kämil nesl­iň kemala gelmegini gazanmak naýbaşy oru­nda durýan möhüm mes­eledir.

Hawa, çagalar biziň ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar nesilleridir. Durmuşyň güllerine deňelýän mähriban körpelerimiz biziň di­ňe bir geljegimiz dä­l-de, eýsem, ynamymy­zdyr, umyt-arzuwlary­myzdyr. Hut şonuň üç­inem watansöýüji, be­rk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýelemek boýunça alnyp bary­lýan işler üýtgeşik many-mazmuna beslený­är. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan we gurulýan çagalar baglary, Köpetdagyň salkyn jülgelerinde, deňiz howaly Awaza­da bina edilen dynç alyş we sagaldyş mer­kezleri baldan süýji balalarymyzyň gelje­kde ilhalar, zähmets­öýer adamlar bolup ýetişmegi ugrunda Gah­ryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň netijesidir. Döredip berýän şertleri, pe­şgeş berýän ajaýyply­klary üçin körpe nes­illerimiziň hormatly Prezidentimize çaga ýüreginden çykýan alkyşlary çäksizdir.

Maksat Atamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0