Keşdeçilik sungaty halkymyzyñ gymmatlygy

Keşdeçilik sungaty halkymyzyñ gymmatlygy
Makalalar
07.02.2023, 21:41
897
0

ÝUNESKO-nyň Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada biragyzdan kabul eden çözgüdi türkmen halkyny örän buýsandyrdy. Sebäbi keşdeçilik sungaty milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

Bilşimiz ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklary ösdürmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň (ÝUNESKO) taryhy desgalary, gadymy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň döreden sungatynyň dürli görnüşlerini, edebi miraslarymyzy dünýä ähmiýetli halkara resminamalaryna goşmak baradaky çözgütleri kabul etmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hawa, türkmen zenanlary irki döwürlerden bäri lybaslary keşde bilen bezäp geýmeklige uly üns beripdirler. Olar diňe bir egin-eşikleri däl, eýsem, hojalykda ulanylýan dürli esbaplary hem keşdeläpdirler. Türkmen halkynyň döreden milli, medeni gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilige mynasyp orun degişlidir. Çünki el senedi irginsiz zähmeti, sabyrlylygy, zehini, ukyp-başarnygy, döredijiligi talap edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip, keşdeçiligiň sungat derejesine ýetirilmegine ýokary baha berýär.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly täze kitabyň neşir edilendigini hem ýatlasymyz gelýär. Bu kitap halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanan. Kitapda türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin beýan edilýär.

Şeýle hem «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly kitapda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepis el hünäri, onuň nesillere nusgalyk terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn nygtalýar. Milli türkmen lybaslarynyň, nagyşlarynyň suratlary hem kitaba aýratyn bezeg berýär.

Türkmenistaniñ inžiner tehniki we ulag kommunikasiýalar inistitutynyñ talyby Nurmuhammet Çaryýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0