Makalalar

Makalalar
Makalalar
26.09.2023, 17:34
551
0
Toý donuny geýdi ajaýyp Diýar

Şu günler Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan, onuň ak mermerli paýtagty Aşgabat, däp bolşy ýaly, uly toýlaryň ruhy joşgunyny başdan geçirýär.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forum — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mynasybetli paýtagtymyzdaky şäheriçi awtobuslar buýsançly şygarlar bilen bezeldi. «Garaşsyz Türkmenistana 32 ýyl!», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris», «Arkadagyň ýoly — ak geljegiň ýoly», «Döwlet adam üçindir!», «Döwletli maslahat — abadan durmuş» ýaly ýazgylar şäher awtobuslaryny bezäp, möhüm taryhy seneler bilen bagly baýramçylyk ruhuny döredýär. Bu şygarlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda hem-de myhmanlarynda Watan, döwlet berkararlygy, agzybirlik we jebislik, raýatlyk borjy bilen bagly düşünjeleri çuňlaşdyryp, olaryň baýramçylyk şatlygyny, nurana geljege ynamyny, mukaddes gymmatlyklarymyza hormat-sarpanydyr söýgini has-da artdyrýar. Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak mermerli paýtagtymyzyň giň köçeleridir owadan şaýollarynyň ugrundaky elektron tablolarda ýazylan şygarlar, daş-töweregine özboluşly gözellik paýlaýan baýramçylyk bezegleri, binalaryň ýüzünde şöhle bermek arkaly ýagtylandyrylýan gutlag sözleri hem Garaşsyz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerine buýsanjy artdyryp, hemmelerde ýakymly duýgulary oýarýar.

Söhbet Jumaýew

Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0