Makalalar

Makalalar
Makalalar
06.07.2023, 00:55
232
0
Dünýäniň iň uly gämisi

Adamzat älemi döretmegiň, täzelikleriň gözlegleriniň yşgynda ýaşaýar. Ýadyňyzda bolsa, XX asyryň başlarynda dünýäni haýran galdyrýan, iň uly gämi hasaplanýan “Titanik” gämisi ýasalypdy. Onuň pajygaly ykbaly barada hemmeler bilýandir. Elbetde adamzat älemi ýyl geldikçe kämilleşýär.

Häzirki günde bolsa dünýäniň iň uly gämisi diýlip, “Roýal Caribbean Wonder of the Seas” (Korol Karib deňziniň täsinligi) gämisi hasaplanýar. Onuň gurluşy hem täsindir. Onuň uzynlygy 362 metre, ini 65.5 metre, agramy 235 müň 600 tonna barabardyr. Ol 18 gatly beýiklikde bolup, içinde 20 müňden gowrak ösümlik ösýär. 2 müň 867 sany otagdan ybarat gämi bir wagtyň özünde 7 müň 600 ýolagçyny syýahata alyp gidip bilýär.

Gämide myhmanhana otaglarynyň, merkezi seýilgähiň, golf oýnalýan meýdançanyň bolmagy bu gämini görenlerde kiçiräk bir şäherçäni gören ýaly täsir galdyrýar.

Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlanyldy.

Nazar Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0