Bitaraplyk — ynanyşmagyň dury akabasy

Bitaraplyk — ynanyşmagyň dury akabasy
Makalalar
05.12.2023, 23:02
184
0
Bitaraplyk — ynanyşmagyň dury akabasy ​

​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ynsanperwerlik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsanperwerlik gatnaşyklaryna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilmegi sebitiň we dünýäniň halklaryny bir-birine barha ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Döwletimiz halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar, dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Olaryň arasynda ylym-bilim, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, energetika, ulag-kommunikasiýa, ekologiýa, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary uly orun tutýar.

Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de eziz Watanymyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň taryhynda uly ähmiýetli wakalardyr. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Dünýä jemgyýetçiligi döwletimiziň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ynsanperwer daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň has-da bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýä döwletleriniň halklarynyň parahatçylykly ýaşaýşyna gönükdirilendir.

Ynsanperwer daşary syýasaty bilen halkymyzyň at-abraýyny belende göterýän Arkadag Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Allanur Garryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0