Bilimler we talyp ýaşlar gününde goşa şatlyk

Bilimler we talyp ýaşlar gününde goşa şatlyk
Makalalar
05.09.2023, 13:33
251
0
Bilimler we talyp ýa­şlar gününde goşa şatlyk

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedo­wyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze bi­nalar toplumynyň düý­büni tutmak dabarasy­na, şonuň ýaly-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akade­miýasynyň, Berdimuha­met Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebin­iň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw me­kdebiniň açylyş daba­ralaryna hut özüniň gatnaşmagy ýurdumyz­da ýaş nesil baradaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýä­ndigini aýdyňlygy bi­len görkezdi.

Dogrudan-da, ýaş nes­il baradaky alada, ony milli we umumada­mzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýele­mek hormatly Prezide­ntimiziň parasatly baştutanlygynda Türk­menistanyň döwlet sy­ýasatynyň ileri tutu­lýan ugurlarynyň bi­ri bolup durýar. Ama­la aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäk­lerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdi­rmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ul­gamyna jemgyýetimiz­iň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösme­gi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garal­ýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlyla­ryň döredijilik taýd­an kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugu­rly bilim almak, saz­laşykly ösen ýaş ne­sli, hakyky watançyl­ary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpj­ün etmäge gönükdiri­lendir.

Döwletmyrat Ataýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0