Rowaýatyň hakykaty

Rowaýatyň hakykaty
Makalalar
08.05.2023, 16:01
255
0
Rowaýatyň hakykaty

Käte biziň rowaýat hasaplaýan zatlarymyzyň durmuş hakykaty bilen gabat gelýändigi haýran galdyrýar. Şeýleräk bir gadymdan galan rowaýat bar: Bir derýanyň iki kenarynda iki sany taýpa ýaşapdyr. Söýgä çäk barmy? Her haýsy bir taýgadan bolan oglan bilen gyz söýüşipdir. Ýöne gyz taraply taýpa gyzlaryny ýat ýere bermek islemändir. Bularyň söýgüsi äşgäre bolandan soň ýigit taraply taýga hem öz aşyk bolan taýgadaşyny goldapdyr. Olaryň elindenm başga gelýän zat bolmandan soň, aşyk magşuklaryň duşuşmagy we biri-birine gowuşmagy üçin, olar Allatagaladan täsin dileg edipdirler. Aşyk tarap derýänyň suwunyň çekilmegini, gyz tarap derýanyň suwunyň joşmagyny diläpdirler. Şeýdibem şondan bäri bu derýa gündizine joşup akyp, gijelerine kesilýär ekeni. Hakykatda bu derýa Günorta Amerikadaky Uata-Rike diýlip atlandyrylýan derýadyr. And daglaryndan gözbaş alýan derýa gündizlerine gün şöhlesinden ereýän garlaryň hasabyna dolýar. Ýöne erän garlar derýa gelip ýetýänçä günýaşýar. Gije bolsa dagdaky suwlar doňýar. Şeýdibem şu günlerde hen bu derýada suw hem kesilýär, hem akýar.

Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlan:

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Meredow Maksat
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0