Asgabat

Asgabat
Makalalar
18.12.2022, 20:45
616
0
Aziýanyň merjenidir – Aşgabat

Gahryman Arkadagymyzyň yhlas zehininden dörän sungat eserine çalym edýän paýtagtymyz Aşgabat Aziýanyň merjenine öwrüldi. Binalaryň häzirki zaman dünýäsiniň ösen derejesine laýyk gelmegi, türkmen milliligi bilen utgaşykly ajaýyp binalar öz gözel keşbi hem many ýordumy bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp orunlaryny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde gün-günden uly ösüşlere eýe bolýan ajaýyp şäher, Aziýa giňişliginde ýagşyzadalaryň ýagşy niýetine meňzäp, gül bolup açylyp otyr. Mermer binalar lowurdap, ýagşylygyň şuglasy bolup dünýä nur saçýar.

Paýtagtymyzda gurulyp ulanylmaga berilen administratiw binalar bilen bir hatarda durmuş maksatly, saglyk we medeni ulgama niýetlenen ymaratlar öz gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Hher bir binanyň gözelligi we dutmuş ähmiýetliligi barada näçe eser ýazsaň ýazyp oturmaly. Aşgabat şäherini bezeýän seýilgähleriň gözelligi hakynda beýan edere söz tapmak hem aňsat düşmese gerek. Ylaýtada şu günler täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda Aşgabat lowurdap öwşün atýar. Gijeki çyralaryň berýän bezegleri asmany bezeýän ýyldyzlara çalym edýär. Seýilgählerdäki suw çüwdürümleri dürli hili reňkde öwşün atýarlar.çagalar üçin baýramçylyk meýdançalary öz bezegleri bilen göwnüňi joşdurýar.

Binagärçilik sungatynyň dünýä nusgalyk görnüşine öwrülen ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat gözelligiň hem söýginiň şäherine öwrüldi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn mugallymy Ybraýym Gurbanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0