Milli bilim ulgamynd­aky özgertmeler ​

Milli bilim ulgamynd­aky özgertmeler  ​
Makalalar
17.10.2023, 16:51
270
0
Milli bilim ulgamyndaky özgertmeler

​ ​ Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli bilim ulgamy uly özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze tapgyrlara çykarylýar.

Ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim almak, geljekki hünärini saýlamak, öz zehinlerini we başarnyklaryny doly açyp görkezmek, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak üçin döwletimiz tarapyndan bimöçber serişdeler goýberilýär, bilimiň hilini halkara talaplara laýyk getirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwür ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, täze zamana bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň ýurdumyz milli bilimiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak üçin zerur bolan baý tejribe toplady.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly kabul edýän resminamalary düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ökde hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ösüşleriniň dünýä derejeliligini görkezýän aýdyň hakykatdyr.

Ýaşlar üçin ylym-bilim öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys!

Abdyreşhit Aýlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0