Ýaş türgeniň ilkinji halkara ýeňşi

Ýaş türgeniň ilkinji halkara ýeňşi
Makalalar
10.08.2023, 07:07
174
0
Ýaş türgeniň ilkinji halkara ýeňşi

Belarus respublikasynyň dürli şäherlerinde şu günler sportuň birnäçe görnüşleri boýunça GDA ýurtlarynyň II oýunlary geçirilýär. Sportuň ýaýdan ok atmak ugry boýunça geçirilen ýaryşda 15 ýaşyndaky ýaş türgenimiz Ezizmuhammet Sähedow bürünç medal gazanmak bilen ýurdumyzyň medal sanowyna özüniň mynasyp goşandyny goşdy. Bu şatlykly habary ilkinjileriň biri bolup Belarusyň ,,Belta’’ habarlar gullugy mälim etdi. Ezizmuhammet medal ugrundaky ýaryşda bäsdeşini 7:1 hasabynda utmak bilen ilkinji uly üstünligine eýe boldy. Ýaş türgen öz ýürek buýsanjyny ,,GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda bürünç medal -meniň ilkinji uly ýeňşimdir’’ diýmek bilen kakasyndan tälim alyp şu derejä ýetenligini aýratyn belläp geçdi. Bu uly ýaryş ýaş türgen üçin diňe bir bäsdeşik hem bäsleşik bolmak bilen çäklenmän uly tejribe hem boldy. Mundan başga-da türkmen türgenleri GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna gatnaşyp watanymyzyň medal sanawyny artdyrmagy dowam edýärler. Şeýle hem agyr atletikaçy we dzýudoçy türgenlerimiz hem mynasyp çykyş edip medal gazanyp türkmen tugumyzy al asmanda pasyrdatdylar.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0