Makalalar

Makalalar
Makalalar
22.11.2023, 18:10
417
0
NAZARYÝETDE ALNAN BILIMI ÖNÜMÇILIKDE BERKITMEK

Hormatly Prezidentimiziň şäherlerimizi we obalarymyzy özgertmek, ösdürmek babatdaky maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzda uly depginler bilen alnyp barylýan gurluşyk-binagärlik işleriniň ösmegine ýokary we orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Ýurdumyzyň keşbini bütinleý özgertmäge ýardam edýän dürli maksatly gurluşyklaryň, desgalaryň ýerli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Olar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda daşary ýurt hyzmatdaşlary binagärlik desgalary bilen bir hatarda, suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç alyş ulgamy ýaly ugurlarda hem işleri alyp barýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde gurluşyk toplumynda hem dünýä nusgalyk ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerini çözmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlaryny, medeni we durmuş maksatly binalary, önümçilik desgalaryny gurmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Şol sanda gurluşyk harytlaryny öz ýurdumyzda öndürmek işlerine ýokary depginler berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň işi köpugurlydyr we özara sazlaşyklydyr.

Okuw meýilnamalaryny ýerine­-ýetirmek, talyp ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp berkitmek maksady bilen, 2023­-2024-nji okuw ýylynyň dowamynda ýokary okuw mekdebimizde okuw-­önümçilik tejribelikleri geçilýär. Talyp ýaşlaryň tejribelikleri «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik­hünär öwreniş tejribeligi hakyndaky» Düzgünnama laýyklykda geçirilýär.

Ynha bu günki gün hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň agzybir professor mugallymlary we talyp ýaslary bilen bilelikde "Ajaýyp gurluşyk" hususy kärhanasynyň ýerine ýetirmekliginde gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýan bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen okuw önümçilik sapagyna geldiler.

Bu gurluşyk meýdançasynda talyp ýaşlar institudyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny tejribe ýüzünde öwrendiler. Bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler talyp ýaşlara institudyň taslamasynyň binagärlik aýratynlyklary barada has giňişleýin düşündirişler berdiler.

Bu okuw önümçilik sapagy talyplara pikir alyşmaga we baý tejribe toplamaga uly mümkinçilik berdi.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0