Arkadag şäheri

Makalalar
Arkadag şäheri
Golaýda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny gurady. Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy bu ýerde täze binalaryň açylyş dabarasy bilen bir hatarda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyny guramaçylykly geçirmelidigini aýratyn belledi. Şeýle hem bu gurluşygyň birinji tapgyrynda tapawutlanyp işlän ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem uly ynam bildirmelidigini aýtdy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäherine gelýän awtoýollaryň çyzgylary, şäheriň awtomenziliniň binalar toplumynyň, demir ýol menziliniň şekil taslamalary görkezildi. Türkmen Halkynyň Milli Lideri bu künjegiň abadanlaşdyryş we bezeg aýratynlyklaryny synlap, bular babatda degişli belliklerini we düzedişlerini aýtdy.
Ajaýyp Arkadag şäheriniň dünýäniň ösen derejesiniň nusgalyk şäherine öwrülmegi, ýurdumyzyň kuwwatly ösüşinden habar berýär.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Döwlet Rozyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...