Kursdaşyma hat

Goshgylar
Kursdaşyma hat
Arzuw bilen hat ýazypsyň kursdaşym,
Oglanlygyň yzy ýada düşdümi?
Ýatlamada çuň ýüzüpsiň kursdaşym,
On sekiz ýaş ýazy ýada düşdümi?
Badyhowa çykyp dünýäň çygryndan,
Baryn beýan edip bolmaz şygrymda,
Her haýsymyz bir gözeliň ugrunda,
Şol tekepbir gyzy ýada düşdümi?
Göçgünlilik aşyklygyň aýbymy,
Duýmazdygam bardygyny gaýgynyň,
Oglanlygyň hem-de ilki söýginiň,
Kalba salan közi ýada düşdümi?
Garypja otagda ekip bolsady,
Köne dünýä göwnüň ýaly bolsady,
Ömrümizde iň bagtyýar pursady,
Rowa eýlän näzi ýada düşdümi?
Ýüregimiz ýöne-möne otda däl,
Göwünjigmiz gyzdan özge zatda däl,
Ömür pursat ähli ýeri ýatda däl,
Köpi galyp, azy ýada düşdümi?
Älem ýandy gara gözleň yşkyndan,
A sen bir garaýşa gaçdyň ysgyndan,
Bi nä birden öz keşbiňe tisgindiň,
Gara saçyň agy ýada düşdümi?
Toýly Öwezow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...