Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Makalalar
07.11.2023, 08:32
219
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

2024-nji ýylda diňe biziň döwletimizde däl, eýsem dünýäniň onlarça ýurtlarynda doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabara bilen belleniljek beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz köptaraply hem köpöwüşginli döredijiliginde bilim, ylym alan ojaklaryny birin-birin ýatlap, agzap geçýär.

Bütin adamzat şahyry hasaplanýan bu beýik akyldaryň ilki Halaçda, soňra Buharada, Hywada bilim alandygy, okandygy mälimdir. Magtymgulynyň bilim-terbiýe babatda ilkinji mugallymynyň, halypasynyň öz kakasy Döwletmämmet Azady bolup, onuň hem öz perzendiniň bilimli, ylymly bolmagyny mydama ündändigini, bu ugurda alada edendigini bellemegimiz gerek.

Magtymguly Pyragy Idrisbaba medresesini tamamlandan soňra, ozal belleýşimiz ýaly, Buharanyň Gögeldaş, Hywanyň Şirgazy medreselerinde okapdyr, bilim öwrenipdir. Şahyr Şirgazyhan medresesinde okan ýyllaryny ömrüniň «altyn ýyllary» hasaplapdyr diýsegem, ýalňyş bolmasa gerek. Belent adamkärçilik, mizemez ynsanperwerlik taglymatlary esasynda terbiýelenen Magtymguly üçin okuw jaýy, bilim ojagy aňrybaş mukaddeslikleriň biridir. Şahyryň bilim alan ýerine, ylym ojagyna bolan guwanjy, söýgüsi haçanda ol Şirgazyhan medresesi bilen hoşlaşmaly pursady geleninde has-da güýçli, aýdyň ýüze çykýar.

Mekan eýläp üç ýyl iýdim duzuňy, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy! —

diýmek bilen, şahyr medresäniň duzuny, nanyny orta goýup, türkmen halkynyň «Bir gün duza — müň gün salam» diýen milli ýörelgesine eýerip, bu mukaddes ylym ojagyny hiç haçan unutmajagyny, gaýtam başaryp bilse, alan bilimine, iýen duzuna wepaly boljagyny janyndan syzdyryp nygtaýar.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0