Yrymly-yrylmaz

Yrymly-yrylmaz
Makalalar
26.12.2022, 16:18
575
0
Täze 2023-nji ýyl gündogar senenamasyna laýyklykda, towşan ýylyna gabat gelýär. Dünýä halklarynyň ynam-ygtykadyndan, yrymlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu gadymy däpde ynsan bilen ony gurşap alan barlygyň, tebigatyň, janly-jandarlaryň özara baglanyşygy, sazlaşygy şöhlelenýär. Muny dünýä halklarynyň edebi döredijiliginde, rowaýatlarda janly-jandarlara aýratyn ähmiýet berilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

Towşan hytaý halk döredijiliginde Aý melikesiniň ýardamçysy hasaplanýan bolsa, afrikadaky halklaryň folklorynda paýhasly, mekir jandar hökmünde suratlandyrylýar. Budda ygtykady bilen baglanyşykly rowaýatlarda bu jandar ýagşylyk ugrunda edilýän pidakärligiň we hoşgylawlygyň nyşany, tibet halkynda şowlulygyň buşlukçysy, ýagşy niýetleriň çapary hökmünde kabul edilendir.

Halkymyzyň çarwa hasabyna görä, towşan ýyly daýhanlar üçin hasylly, rysgal-bereketli ýyl hasaplanýar. Towşan juda köpelgiç jandardyr. Şol sebäpli hem, bu ýyl maldarlar üçin has düşewünt getirjek ýyllaryň biri bolar.

Gündogar senenamasyna görä, ýylyň tumary gara reňkli suw towşany hasaplanýar. Suw – hereketi, dowamly işjeňligi we irginsiz ymtylyşy alamatlandyrýar. Towşan ýyly yhlaslylygy we irginsizligi özüne hemra edinen adamlaryň ähli maksat-myratlarynyň ýerine düşjekdigini wada berýär. Bu ýyl her bir adama towşanyň häsiýetine muwapyk mylaýym, ýakymly duýgulary, täsirleri bagyşlar. Towşan maşgala bolup ýaşaýan jandar. Şonuň üçin hem maşgala gatnaşyklaryna, täze tanyşlyklara ähmiýet bermeli.

Täze ýylyň düşümli bolmagy, döwletli ojaklaryňyza, öýleriňize rysgal-bereket, bagt getirmegi, maşgalaňyzda abadan durmuşyň höküm sürmegi üçin penjiräniň öňünde towşanjygyň heýkelini goýmak maslahat berilýär. Baýram mynasybetli otaglar, Täze ýyl arçalary bezelende açyk, esasan hem, ýaşyl reňkli bezeglerden peýdalanyň! Otaglary otag gülleri, gül çemenleri bilen bezemek gowulyga ýorulýar. Baýramçylyk saçagyndaky gök, bakja önümleriniň we miweleriň bol bolmagy ynsan saglygy üçin hem peýdalydyr. Tanyş-bilişleriňiz, dost-ýarlaryňyz we maşgala agzalaryňyz üçin baýramçylyk sowgadyny taýýarlamak has möhüm ähmiýete eýedir. Birek-birege öý goşlary, ýüz görülýän aýna, ýassyk, gap-gaç toplumlary sowgat berilse, bu ýylyň baýramçylyk ruhuna has laýyk geler. Jaý satyn almak, öý gurmak, goş birikdirmek isleýänler üçin bu ýyl has düşümli bolar.

Ýylyň gelşiniň, düşümliliginiň her bir adamyň özüne baglydygyny nygtamak isleýärin. Goý, kalplara, ömürlere nur paýlajak ýagşy arzuw-niýetleriňiziň ählisi öňümizdäki towşan ýylynda hasyl bolsun!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Aýman Erkäýewa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0