Buýsanja öwrülen şäher

Buýsanja öwrülen şäher
Makalalar
02.04.2023, 11:23
211
0
Buýsanja öwrülen şäher

“Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýlen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karara gol çekmegi, ýurdumyzda ýene bir gaýtalap bolmajak sungat eserine meňzeş ajaýyp binanyň dörändigine şaýatlyk edýär. Iki sany, Kärizek hem Gorjaw etraplaryndan ybarat bolan bu akylly şähere döwlet derejesindäki hukugyň berilmeginiň aýratyn ähmiýetli tarapy bardyr. Çünki, dünýä nusgalyk derejede gurlan şäner beýle derejä dolulygy bilen mynasyp. Häzirki zamanyň ösen binagärlik mümkinçilikleriniň ählisi göz öňünde tutulan bu şäheriň kämla gelmegi ýurdumyzyň ösüş kuwwatyndan habar berýär. Dünýä ykdysadyýetinde häzirki durgunsyz ýagdaýyň dowam edýän mahaly, şeýle ajaýyp şäheri gurmak üçin, uly ykdysady mümkinçilik bolmaly. Bu hem biziň ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň sagdynlygynyň nyşanydyr.

Diňe bir Aziýa sebitinde däl-de, dünýäde özboluşlylygy, gözelligi, kämilligi bilen nusgalyga öwrülen şäher Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatyndan gözbaş alan, taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Arkadag şäheriniň beýleki tapgyrlarynyň gurluşygynyň hem şowly bolmagyny öz ýanymyzdan dileg edýäris. Ýollaryň aýdyň, geljegiň rowan bolsun, Arkadag şäheri!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Ybraýym Gurbanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0