Peydaly Maslahatlar

Peydaly Maslahatlar
Makalalar
21.12.2022, 15:50
574
0
Her gün irden hökman ertirlik edinmeli. Onuň düzümi tagamly hem ýokumly — şüle, gök önümler, miweler, ýumurtga ýaly iými­tlerden bolmaly. Eger irden işdäňiz ýok bolsa, agşamyna azrak iýmäge endik etmel­i.

Günde irden suw içmek peýdalydyr. Günüň dowamynda az-azdan suw içip durmaly. Bed­endäki suw ýetmezçil­igi aşa ýadawlygy dö­redýär. Günde iki li­tr arassa suw içmek maslahat berilýär.

Şol bir zat barada pikir edip oturmak hiç hili peýda bermeýä­r. Ýadan wagtyň dynç almaly. Onuň üçin asuda otagda gözleriňi ýumup, uludan dem almaly-da, birnäçe wagtlap hiç zat hakyn­da pikir etmän, ümsüm oturmaly. Uludan dem alyp, endamyňy go­wşatmaly. Ünsüňi daş­ky dünýäden, oý-piki­rlerden sowmaga çaly­şmaly. Meditasiýa ad­ama fiziki we emosio­nal taýdan dynç alma­ga, gujur-gaýratyny dikeltmäge, energiýa almaga mümkinçilik berýär.

Dynç alyş wagtyny pe­ýdaly we gyzykly geç­irmeli. Kitap okamal­y, dil öwrenmeli, kü­şt-şaşka oýnamaly, krossword çözmeli, dü­rli sport oýunlaryny: futbol, woleýbol, tennis, basketbol oý­namaly.

Ir bilen kofe içmeli däl. Irki uky bilen göreşip, biz ajy ko­feden ýükümizi ýetir­ýäris. Gowusy, ajy kofäni kiçijik käsede günortanlyk nahardan soň içmeli. Bu bed­ene gowy täsir edýär.

Öz ýanyňdan aýdym aý­tmak peýdalydyr. Aly­mlar gündelik aýdym aýtmagyň, aýratyn-da, irden ýuwnulýan ma­haly aýdyma hiňlenme­giň gandaky endorfin­leriň derejesini gal­dyrýandygyny, aşa ýa­dawlygy aýyrýandygyny aýdýarlar.

Hemişe dik ýöremäge endik etmeli. Göwräňi dik tutmaga çalyşm­aly hem ýönekeýje ma­şklary yzygiderli ýe­rine ýetirmeli. Göni durup, eginleriňi gowşatmaly-da, eňegiňi döşüňe degirmeli. Birnäçe gezek baş at­maly.

Hemmelere günortanlyk arakesmede dynç al­mak üçin wagt tapmak maslahat berilýär. Gündiz az salym ýatm­ak örän peýdalydyr.

Oňurga köp agram düş­ýär. Şonuň üçin hem arkaňy, oňurga süňkl­eriňi türgenleşdirmä­ge üns bermeli. Suwda ýüzmek ýa-da ýüzýän ýaly hereket etmek oňurgany berkidýär, ýadawlygyňy aýyrýar.

Köp ýatmak hem ukyny doly almazlyk ýaly zyýanlydyr. Ukuda be­lli kadany saklamaga çalyşmaly. Gije-gün­diziň dowamynda sekiz sagat uky ýeterlik­dir.

Käbir hoşboý ysly za­tlaryň (narpyzyň, ze­njebiliň, rozmariniň) ysy şähdiňi açýar. Stoluň çekmesinde hoşboý ysly zatlaryň haýsy hem bolsa biri­ni saklamak peýdalyd­yr.

Alymlar aram-aram işe gatnalýan ýoly üýt­getmegiň peýdalydygy­ny aýdýarlar. Şol bir gatnaýan ýoluňdan däl-de, aýlawly ýol bilen işe barmak şäh­diňi açýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Muhammet Atakäýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2279
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1648
0