Medeniýet hepdeligi – edebi täsirler

Medeniýet hepdeligi – edebi täsirler
Makalalar
04.07.2023, 15:27
218
0
Medeniýet hepdeligi – edebi täsirler

Her ýylyň iýun aýynyň soňky hepdesinde ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygy bilen bile geçirilýän medeniýet hepdeligi öz ýakymly täsirleri bilen adamlaryň köňül dünýäsine şatlyk paýlaýar. Medeniýet hepdeligi paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bilen başlandy. Açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň bu hepdelige gatnaşyjylara iberen gutlagy diňlenmek bilen başlanan dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de etraplarynda uly joşgun bilen bellenilip geçildi. Welaýatlardaky gurlup ulanylmaga berlen türkmen ak öýlerinde geçirilen çäreler has-da täsirli boldy. Hepdeligiň dowamynda çykyş eden türkmen sungat ussatlary türkmen sungatynyň şu günki ösüşini dünýä ýaýmak bilen bu ugurdan gazanylan uly ösüşleriň ýeten buýsandyryjy derejesini görkezdiler. Köküni asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýan türkmen sungaty öz ussatlarynyň tagallalary bilen dünýä çykdy. Elbetde munuň üçin giň mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýokdur.

Aşyrberdi Aşyrdurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0