Ak mermerli Aşgabadyň üstünlikleri

Makalalar
Ak mermerli Aşgabadyň üstünlikleri
Döwlet Baştutanymyz islendik desganyň we ägirt uly toplumyň taslamasy işlenip düzülende, milli binagärligiň däplerini öňdebaryjy binagärlik çözgütleri bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny, binalaryň inženerçilik ulgamlarynyň amatlylygynyň, uzak möhletliliginiň, howpsuzlygynyň derejesini göz öňünde tutmak bilen baglanyşykly wezipeleri öňde goýýar. Şeýle çemeleşme şäher gurluşygynda birmeňzeşlikden gaça durmaga hem-de täze döwrüň ruhuny görkezmäge mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
2008-nji ýylyň iýunynda bu kitapda mynasyp orun eýeleýän desgalaryň ilkinjileriniň biri Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütünidir. Onda ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabar bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar.
Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edilmegini 2010-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Hususan-da, gürrüň Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dikeldilen binagärlik-heýkeller toplumy barada barýar. Bu toplumda türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz hanyň hem-de onuň alty ogly Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Dag hanyň we Deňiz hanyň şekilleri ebedileşdirildi.
Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan toplum utgaşdyrylan, yşyklandyrylan hem-de doly programmalaşdyrylan, 14,8 gektar meýdany eýeleýän suw çüwdürimleriniň 27-sinden ybaratdyr. Ilki bilen, onuň göwrümi hem-de şekillendirilişiniň täsindigi haýran galdyrýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy binagärlik aýratynlygyna öwrülen Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy bu dowamatlylygyň hem-de ata-babalarymyzyň mukaddes hakydasynyň, milli gözbaşlara wepalylygyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi.
2011-nji ýylyň oktýabrynda bu desgadaky ýyldyzyň şekili Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde iň uly şekil hökmünde ykrar edildi we ol degişli halkara güwänama bilen tassyklanyldy.
Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň hatarynda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan «Älem» medeni-dynç alyş merkezi hem bar.
2013-nji ýylyň maýynda Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky «merjenine» öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Dünýä rekordlarynyň täsin sanawynyň üsti 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili bilen ýetirildi. Bu desga binagärlik aýratynlygy — esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge teklip edildi.
Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň çäginden uzakda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalary 2017-nji ýylyň awgust aýynda Bütindünýä neşirine girizilen nobatdaky desgalar boldy.
Makalamyzy jemläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şahyrana hem-de simwolik keşbiniň Aşgabadyň binagärliginde köpöwüşginlilik hem-de açyklyk bilen öz beýanyny tapýandygyny nygtamak gerek.
Eýup Annamuhammedow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...