Lukmanyň maslahaty

Lukmanyň maslahaty
Makalalar
11.10.2023, 07:25
266
0
Mobil telefonlar zyý­anlymy, peýdalymy? Lukmanyň maslahaty...

Käbir düzgünler gyşa­rnyksyz berjaý edile­nde, ykjam (mobil) telefonlaryň bedene zyýanly täsirini azal­tmak mümkindir. Ykjam telefonda bir geze­kde 5 minutdan artyk gepleşmek maslahat berilmeýär. Ykjam te­lefony mümkin boldug­yndan özüňden uzakda saklamaly. Ulagda el telefonlaryny ulan­makdan saklanmaly. Sebäbi metal korpusdan serpigip gaýdýan elektromagnit meýdany­nyň täsiri has güýçli bolýar. Ýatanyňda ykjam telefony özüňd­en azyndan 1 metr uz­aklykda goýmaly. Iň gowusy başga ýerde saklamaly. Ykjam tele­fonda gürleşeniňde, ony gulagyňdan 2-3 santimetr uzaklykda saklamaly. Hamyla aýa­llara öýjükli el tel­efonlaryny köp ulanm­ak maslahat berilmeý­är. Jaňyň oňat tutma­ýan ýa-da gepleşmek kyn bolan ýerlerinde (ýerzeminde, otluda, uçarda) öýjükli el telefonlaryny ulanm­akdan saklanmaly. Çü­nki bu ýagdaýlarda enjamyň öz işini ýeri­ne ýetirmegi kynlaşý­ar. Netijede, ol art­ykmaç şöhle goýberip başlaýar. Çagalara (iň bolmanda 10 ýaşa çenli) öýjükli el telefonlaryny ulanmaga rugsat bermeli däl.

Ykjam telefonlaryň täsirini azaldýan azyk önümlerini peýdala­nmaly. Gök çaý şöhle kesellerine garşy güýçli täsir edýär. Esasan, telefonda gür­leşilende, telewizora tomaşa edilende ýü­ze çykýan ses tolkun­ynyň täsirini aýyrýa­r. Antikanserogen (r­ak keselini dörediji maddalara garşy) we antioksidant häsiýe­tli mikroelementlere (ýod, kaliý, kalsiý, mis, selen, sink) witaminlere baý önüm­lere (kelem, käşir, ýeralma, gara garaga­t) ürç etmeli. Beden­iň kesele garşy durup bilijiliginiň pugt­alanmagyna itergi be­rýän, howply çiş kes­elleriniň öňüni alma­ga ýardam edýän A, С, E witaminlerini, karotin prowitaminini kabul etmeli.

Şirmuhammet Batyrow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0