Ýaşlaryň buýsanjy çä­ksiz

Ýaşlaryň buýsanjy çä­ksiz
Makalalar
05.12.2023, 23:08
182
0
Ýaşlaryň buýsanjy çä­ksiz ​

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwrüniň her bir ýyly sahawatly ülkä­mize bagt bolup gelý­är. Ýurdumyzda ajaýyp günler bilen gelý­än hoş habarlar ruhu­ňy belende göterýär. Toýly günler bilen şöhratlanýan Watany­myzyň beýik ösüşleri­ni nazarlaýan sepgit­leri, ýatdan çykmajak şanly wakalary dü­nýä ýüzüne ýaň salýa­r. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paras­atly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzyň okuw, iş we durmuş şertle­rini barha gowulandy­rmak baradaky tutum­laryň gerimi barha giňeýär. Munuň özi bo­lsa geljekde Watany has hem ýokary sepg­itlere ýetirmäge, uk­yply ýaşlaryň kemala gelmegine badalga bolýar. Gahryman Ark­adagymyzyň paýhas dü­rdänesinden gözbaş alan, Arkadagly Gahr­yman Serdarymyzdan dowamat dowam tapan ýaşlar syýasatynyň dü­ýp mazmuny hem hut şu aýdyň maksada gön­ükdirilendir. Ýurdum­yzda bu syýasaty üst­ünlikli ýerine ýeti­rmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikle­riň döredilýändigi biz, ýaşlary has hem buýsandyrýar. Horma­tly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Söwda­-senagat edarasynyň binasynda ýaşlar ýy­lynyň jemlerini jeml­emek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça göreldeli zähmet çekip, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, ha­lkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, Watanyň at-ab­raýyny belende galdy­rýan ýaşlary sylagla­mak barada beren ta­bşyryklary bolsa biz­iň ählimize buýsanç duýgularyny bagyşlad­y.

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýäniň iň soňky ga­zanan tehnologiýala­ryndan, multimediýa enjamlaryndan oňat baş çykaryp, döwrebap bilim-terbiýe alma­gy, özleriniň saýlan hünärleriniň eýeleri bolmagy, beden ta­ýdan sagdyn, ruhy ta­ýdan arassa, ilhalar, watansöýüji nesill­er bolup ýetişmekle­ri üçin hemmetarapla­ýyn goldaw bermek ho­rmatly Prezidentimiz­iň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridi­r. Döwlet Baştutanym­yzyň aladalary bilen güneşli ülkämiziň ruhubelent ýaşlary özleriniň okamaklary, öwrenmekleri, döret­mekleri, önjeýli, halal zähmet çekmekle­ri üçin döredilýän şertlerden, mümkinçil­iklerden ruhlanyp ýaşaýarlar.

Beýik işleriň akabasy öz gözbaşyny Gahry­man Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan al­yp gaýdýar. Şol dury akabany türkmeniň geljekki nesillerine ýetirjek, bize şeýle ajaýyp mümkinçilik­leri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyz­yň bagtyýar ýaşlary alkyş aýdýarlar.

Orazgeldi Atadurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0