Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz

Makalalar
Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz
Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, doganlyk halklaryň hem söýgüli şahyrydyr. Durmuş meselesine köptaraplaýyn seslenýän şahyryň goşgulary goňşy özbek, garagalpak, azerbaýjan halklarynyň dillerinde hem aýdym bolup ýaňlanýar.
Taryhdan hem belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwri entek türkmenleriň bitewi döwletiniň bolmadyk zamanydyr. Şol sebäpden watançy şahyryň döredijiligi öz halkynyň durmuşy, arzuw-hyýallary, onuň erkinlik ugrundaky göreşi bilen bagry badaşan döredijilikdir. Akyldar öz şygyrlarynda adam mertebesini goramagy başaryp, taryhyň galagoply döwrüniň çylşyrymly meselelerini çözmekde birek-birek bilen oňşup ýaşamaga, ylalaşyga, agzybirlige, bir saçagyň başynda jemlenmäge çagyrýar. Şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusynda bu mesele has-da aýdyň suratlandyrylýar. Ol:
Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr —
diýip, ähli tire-taýpalar dogan ýaly bolup ýaşasalar jebis, agzybir döwletiň dörejekdigini belleýär.
Şahyr durmuşda kimdir birine zulum etmegiň, ejize ganym bolmagyň ynsana mahsus däldigini, beýle peslikden gaça durmalydygyny, başaryp bilseň, ynsana diňe ýagşylyk edip, halal ýoldan ýöremelidigini, ýüregiňde bolsa adamzada bolan söýginiň ýaşamalydygyny ündeýär. Birek-birege duşmançylyk etmek mert ýigitlere ýaraşýan häsiýet däldir. Magtymgulynyň edebi gahrymany şu agzalanlary özünde jemleýän goç ýigitdir. Pyragy türkmen ýigitlerine eden her bir ündewinde ynsanperwerlik we watançylyk — adamyň zynatydyr, sahylyk hem rehimlilik — ýagşylygyň alamatydyr, il gün üçin malyňy-başyňy gurban etmek — haýyr-sahawatyň gämisidir, sabyr we ýagty geljege ynam bolsa aňrybaş merdanalykdyr diýýär.
Mahrijemal Gylyjowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...