Sanly ykdysadyyeti osdurmek

Sanly ykdysadyyeti osdurmek
Makalalar
21.12.2022, 15:28
628
0
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň her tapgyrynyň öz wezipeleri bar. Şeýle hem ol maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýyny, konsepsiýanyň maksadyny, wezipelerini, ony amala aşyrmagyň ugurlaryny, gurallaryny, maliýe taýdan üpjünçiligini we garaşylýan netijeleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýet bütin dünýäde innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze wezipeleri öňde goýýar. Şeýle hem durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär».

Häzirki zaman ösen dünýäsinde sanly ykdysadyýetiň san görnüşindäki maglumatlaryň esasy orunda bolmagyna daýanýan hojalyk işi bolup durýandygy täzelik däldir. Häzirki wagtda iň meşhur hem-de ýörgünli adalgalaryň birine öwrülen, «Sanly ykdysadyýet» diýen düşünje 1995-nji ýylda Massaçusets (ABŞ) uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň işjeň ösmegi bilen baglanyşykly täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny beýan eden işinde ilkinji gezek ulanyşa girizilipdir.

Bu döwürden bäri sanly tehnologiýalar ulgamlaýyn özgerişleri başdan geçirýän pudaklaryň ähli edara-kärhanalaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ol ykdysadyýetiň häzirki badyny we geljekki ösüşlerini çaltlandyrmagy meýilleşdirmegiň «açary» bolup durýar. Netijede, sanly çözgütleri ornaşdyrmak sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmekligiň döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmeklige uly ýardam edýär. Şeýle hem ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini çalt we takyk meýilleşdirmäge hem-de sazlaşdyrmaga itergi berýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Batyr Rahymow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0