Ilat yazuwy barada maglumat

Ilat yazuwy barada maglumat
Makalalar
01.12.2022, 13:39
960
0
Önde durýan ilat ýazuwynyň esasy wezipesi döwlet syýasatyny işläp düzmek, meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak üçin düýpli ähmiýete eýe bolan maglumatlary ýygnamak bolar. Ýurduň ilatynyň sany, paýlanyşy we häsiýetnamalary baradaky maglumat onuň ykdysady, durmuş we demografiki ýagdaýyny kesgitlemek we oňa baha bermek, ýurduň we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen esasy syýasaty we maksatnamalary işläp düzmek üçin zerurdyr.

Ilat barada maglumat toplamagyň tertibi bellenen möhletlerde jaýlara aýlanyp görmek işlerini öz içine alýar. Ol ýaşalyp bilinjek ähli jaýlara we öýlere (şol sanda ýaşalmaýanlaryna hem) ýerine baryp görmek bilen, her öýde hakyky ýaşaýan şahslaryň sanyny kesgitlemegi göz öňünde tutýar.

​ 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwy Türkmenistanda ilkinji sanly ýazuw bolar. Ilat ýazuwy ýörite taýýarlanan işgärler tarapyndan geçiriler we sowalnamalar Türkmenistanda öndürilen planşetler arkaly doldurylar.

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyna taýýarlanmakda BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), Statistika bölümi, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we beýleki guramalary ýardam berer.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Jeýhun Mämmetmyradow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0