Makalalar

Makalalar
Makalalar
05.12.2023, 04:20
232
0
05.12.2023ý.

Indiki ýyl üçin döwlet býujeti kabul edildi

Şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Döwlet býujetiniň görkezijileri ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş maksatly ykdysady özgertmeleri maliýeleşdirmäge zerur serişdeleriň üpjün edilmegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102 313,5 million manat möçberde kesgitlenildi. Şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejileri we çykdajylary boýunça 22 096,2 million manat möçberde meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Türkmenistanyň milli maksatnamalaryny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky tapgyry öz içine alýar. Geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde 2024-nji ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzüldi. Onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlary ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

2024-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy strategik maksatlaryna laýyklykda öňdebaryjy tehnologiýalary, ýagny sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek, senagat pudaklaryny ösdürmek möhüm wezipe bolup durýar.

Seýran Emirsoyunow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0