Şygryýet äleminiň so­ltany

Şygryýet äleminiň so­ltany
Makalalar
15.11.2023, 14:28
354
0
Şygryýet äleminiň soltany

Nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat gazanan şahyrlaryň biridir. Beýik akyldar diňe kitaplara däl, eýsem, köňüllere dolan şahyrdyr. Çünki onuň senaly setirleri günler, aýlar, pasyllar, asyrlar geçse-de öz gadyr-gymmatyny, hormat-hümmetini asla ýitirenok. Gaýtam, her döwürde täzeçe öwüşgin bilen dünýä edebiýatyna nur çaýýar. Şu nukdaýnazardan-da, Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň şamçyragy hasaplanylýar.

Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giňdir. Onuň umman paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegi agzybirlik, jebislik, ygrarlylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerden ybaratdyr. Şahyryň şygyrlary öwüt-ündewe hem pähim-paýhasa ýugrulandyr. Hut şoňa görä-de, ussadyň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize bu güne çenli dilden düşmän gelýär. Olardan: «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Kemlik eýle, kemal bar // Menlik etme, — zowal bar», «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» ýaly pähimli jümleleri mysal getirmek bolar.

Magtymguly Pyragy özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Ol goşgularynda, ilki bilen, halk bähbitlerinden ugur alypdyr, il-günüň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr nesillere durmuşyň manysynyň il-günüň derdine ýaramakdygyny ündäpdir. Şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň durmuş ýolunyň şamçyragyna öwrüldi. Çünki söz ussadynyň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan edebi döredijiligi — edep-terbiýe mekdebidir. Her bir sözi dürden gymmatly şahyryň edebi mirasyny, onuň öwüt-ündew, edep-terbiýe bilen bagly garaýyşlaryny, pikirlerini öwrenmek, ony amal etmek bolsa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň mukaddes borjudyr.

Myrat Berdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0