Bosagada gara gyş

Bosagada gara gyş
Makalalar
22.11.2023, 18:00
223
0
Bosagada gara gyş

Adyndan belli bolşy ýaly, garagyş möwsümi gyş paslynyň başla­nýandygyny duýdurýar. «Gara» bilen «gyş» sözüniň goşulyp gel­megi bu döwürde örän hüşgär bolmalydygyny aňladýar.

22-nji noýabrdan 7-n­ji dekabra çenli ara­lygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howan­yň duýdansyz üýtgeme­gi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi. Daýhanlarymyz oba hojalyk ekinle­riniň, aýratyn-da, aralyk ekinleriň hasy­lyny howlukman, arka­ýynlykda ýygnadylar. Netijede, olar mäş, noýba, şaly, dary ýaly ekinlerden bol hasyl aldylar. Maldar­lar hem şu döwürde meýdanlardan ot taýýa­rlamak we olary mall­aryň gyşladyljak ýer­lerine daşamak işler­ini utgaşykly alyp bardylar.

Gyş paslynyň başlang­yjy hasaplanýan gara­gyşda tebigatda bolup geçýän käbir ýagda­ýlary synlap, ata-ba­balarymyz gyşyň nähi­li geljegini anyklap­dyrlar. Meselem, gyş­lamaga giren garynja­laryň hininiň agzyna köp gum üýşürmegi aýazly gyşa yşarat ha­saplanypdyr. Meýdanl­arda şemalyň ugruna uçuşyp, gaýyp ýören kereplere gözüň düşs­e, onda gyşyň gurak hem sowuk geljekligi­dir. Edil şu döwürde bize demirgazykdan gara gargalar, zakyj­alar köp gelip başla­salar we gijelerine uly daragtlaryň üstü­ne gonup, gowur turu­zsalar, munuň özi so­wuk günleriň golaýda­dygyna ýorulýar.

Döwletgeldi Saryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0