Talyplaryň göçme okuw sapagy guraldy

Talyplaryň göçme okuw sapagy guraldy
Makalalar
22.11.2023, 06:22
403
0
Talyplaryň göçme okuw sapagy guraldy

Şu gün Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýakynda düýbüni tutulan binalar toplumynda bu ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl talyplary göçme okuw sapagyny geçdiler. Onuň dowamynda talyp ýaşlar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşdylar, şeýle-de bu ýerde alnyp baryljak gurluşyk işleri barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypa mugallymlara ýüzlendiler. Şunuň bilen birlikde, mugallymlar öz baý tejribeleri esasynda ol sowallara jogap berdiler. Mundan başga-da, göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlaryň täze binalary we desgalary gurmakda täzeçil usullary ulanmak bardaky teklipleri hem diňlenildi.​

Şeýle göçme okuw sapaklarynyň geçirilmegi geljekki türkmen gurluşykçylaryna, binagärlerine we arhitektorlaryna nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde berkitmäge, olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge hyzmat edýär. Berkarar watanymyzyň bagtyýar talyp ýaşlary ýurdumyzda ylym öwrenmäge, öz saýlan hünäriň eýesi bolmaga döredilip berilýän çäksiz mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.​

Didar Öwezow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0