Ýaşlar nurana ertirleriň eýeleri

Ýaşlar nurana ertirleriň eýeleri
Makalalar
12.09.2023, 15:25
298
0
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem döwletimiz tarapyndan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, giň düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini özboluşly şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işjeň hereket edýändigini aýratyn bellemek gerek.

Ulugbek Erkinow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0