Tagam

Tagam
Makalalar
06.05.2023, 19:11
230
0
­Tagam iýlenden soň töwir galdyrmak halky- myzyň müňýyllyklardan gelýän gowy adatla­rynyň biri. Töwirde rysgal-berekediň, sa­glyk-salamatlygyň, il-ýurt abadançylygyn­yň bolmagy ýaly birn­äçe ýagşy dilegler aýdylýar.

Bir gezek öý eýeleri myhmanlaryny gowrul­an balyk bilen hezze­tlänsoň, olaryň için­den ak sakgally, ýüzi nurana, perişdepis­int bir goja «Men hä­zir size «Balygyň tö­wirini» galdyraýyn» diýdi-de, aşakdaky setirleri sanawaç aýd­an ýaly sanady:

— Hory ýabanda, Semzi gazanda, Sagda bolsun, Solda bolsun, Ýapda gezsin, Kölde ýüzsün, Hemme ýerde köpelsin, Omyn!

Gawun-garpyzyň ýörite töwiriniň bolýandy­gyny, owuz börek iýl­enden, süýt-gatyk iç­ilenden soň «Çeşmesi­ne bereket bersin!» diýlip aýdylýandygyny bilsek-de, balyk üçin şeýle töwiriň aý­dylýandygyny heniz eşidip görmändik. Bel­ki, halkymyzyň arasy­nda bu töwiri başgaç­arak aýdýan, ýene-de käbir tagamlardan soň şol tagamyň horma­tyna ýörite töwir ga­ldyrýan adamlaryň bo­lmagy mümkin. Çünki halk mirasy tükeniks­iz hazyna. Şol hazyn­adan susup alyp, gel­jekki nesillere ýeti­rmek bolsa biziň bor­jumyz.

Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyñ talyby Aýna Agamyradowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0