Arkadag Serdarly bag­tyýar ýaşlar​

Arkadag Serdarly bag­tyýar ýaşlar​
Makalalar
11.10.2023, 14:23
284
0
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar​

Halkymyzyň şöhratly taryhyna göz aýlanymyzda, ýaş nesilleriň gujur-gaýratlaryna, aň-düşünjelerine, ukyp-başarnyklaryna hemişe bil baglanandygynyň, pähimdar gojalarymyzyň pent-nesihatlaryna, öwüt-ündewlerine eýerip, olaryň durmuşda öz ak ýollaryny tapandyklarynyň şaýady bolýarys. Ösüşlere, özgertmelere beslenýän üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bu asylly ýörelgäniň ajaýyp zamanamyzda many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik işleri amala aşyrmagy maksat edinýäris. Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňde goýduk. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýurdumyzyň daýanjy, halkymyzyň guwanjy bolan bagtyýar ýaş nesillere ägirt uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň şeýle belent ynamyna eýe bolan ýaşlarymyzyň nurly geljege uzaýan ak ýollar bilen öňe gidip, eziz Diýarymyzyň has-da gülläp ösmegi, dünýädäki abraý-mertebesiniň öňküdenem belende göterilmegi ugrunda yhlas bilen okaýandyklarynyň, gujur-gaýrat bilen zähmet çekýändikleriniň, döredýändikleriniň, gurýandyklarynyň şaýady bolmaklygyň özi bagtlylykdan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň belent ynamyny ödemek, berkarar Watanymyza, zähmetsöýer halkymyza wepaly hem gerekli adamlar bolup ýetişmek, durmuşa geçirilýän beýik işlere mynasyp goşant goşmak ýaşlaryň öňündäki mukaddes borçdur.

Gudrat Babajanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0