Gyzykly maglumat

Makalalar
Adam beýnisi barada gyzykly maglumatlar
Beýni nerw öýjükleri arkaly beden dokumalaryna 288 km/sag tizlik bilen buýruk berýär. 1 sekundyň dowamynda adam beýnisinde 100 000 himiki reaksiýalar bolup geçýär. Çaga dogulanda beýnisi 14 milliard öýjükden ybarat bolýar. Ömrüniň dowamynda onuň sany köpelmeýär, hat-da 25 ýaşdan soň günde 100 müň öýjük kemelýär. 2 ýaşdan 7 ýaşa çenli beýni öýjükleriniň işi özüniň ýetjek derejesiniň iň ýokarsyna çykýar. Adam beýnisi bir günüň dowamynda sansyz elektrik impulslaryny ugradýar we kabul edýär, bu dünýädäki ähli mobil aragatnaşygynda bolup geçýän ýagdaýdan birnäçe esse köpdir. Beýniniň 75%-i suwdan ybaratdyr. Erkeklere seredeniňde aýallaryň beýnisiniň agyrlygy takmynan 4% ýeňil, ýöne göwrümi birmeňzeş diýen ýaly . Lukmanlaryň aýtmagyna görä, adam ömrüniň dowamynda näçe köp pikirlenip näçe köp nerw öýjüklerini işe salsa, garran çagy sagdyn we güýçli bolýan eken.
Kerimberdi Amanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...