Milli demokratiya

Milli demokratiya
Makalalar
07.02.2023, 21:34
858
0
Bilşimiz ýaly, häzir­ki wagtda Arkadag Se­rdarly bagtyýar ýaşl­ar ýylymyzda döwleti­miziň we jemgyýetimi­ziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä, ýagny şu ýyl­yň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenist­anyň Mejlisiniň depu­tatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Ge­ňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýar­lyk işleri giň gerim­de dowam edýär. Bu saýlaw möwsümi Türkme­nistanyň Konstitusiý­asyna, Saýlaw kodeks­ine we beýleki kadal­aşdyryjy hukuk namal­aryna laýyklykda aln­yp barylýar.

Saýlaw çäreleriniň tassyklanan meýilnama­syna laýyklykda, Tür­kmenistanda Saýlawla­ry we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw topary­nyň hünärmenleri ýer­lerde welaýat, etrap, şäher we okrug saý­law toparlarynyň agz­alary bilen okuw mas­lahatlaryny geçirdil­er. Maslahatlaryň ba­rşynda öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, has takygy, saýlaw kanunçylygy, saýlawlarda hereket edýän saýlaw topar­larynyň ulgamy, wela­ýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlar­ynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de 25-nji ýanw­arda badalga alan da­laşgärleri hödürlemek möwsümi bilen bagl­anyşykly, Türkmenist­anyň Mejlisiniň depu­tatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk ma­slahatlarynyň we Geň­eşleriň agzalygyna dalaşgärleri hödürlem­egiň hem-de olary be­llige almagyň tertib­i, saýlaw resminamal­arynyň görnüşleri ba­rada giňişleýin magl­umat berildi.

Mejlisiň deputatlary­nyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahat­larynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlaw­larynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyr­magyň ýolundaky möhüm ädimdigini we oňyn özgertmeleri üstünl­ikli durmuşa geçirme­kde ygtybarly binýat bolup durýandygyny nygtap, saýlaw topar­ynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesin­de geçirilmegi ugrun­da ähli zerur tagall­alaryny gaýgyrmajakd­yklaryna ynandyrdyla­r.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Agabaý Saparow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0