Elektrobuslar we elektromobiller

Makalalar
3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektromobil taksileri we elektrobuslar bilen tanyşdy. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde ulanyljak elektrobuslaryň, elektromobil taksileriniň şekil taslamalaryny, olaryň Arkadag şäheriniň çäklerinde hereket etjek ugurlarynyň meýilnamalaryny gözden geçirdi. Elektrobuslaryň hereketiniň bir aýlawynyň wagty we barýan ugurlary, beýleki ulag serişdeleri barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde ulanyljak elektrobuslaryň we elektromobilleriň duralgasynyň, başlanýan nokadynyň meýilleşdirilýän wagtlaýyn ýer böleginiň baş meýilnamasy hem-de şekil taslamasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyza Arkadag şäheriniň binalarynyň we ýollarynyň atlandyrylyşy, san belgileri boýunça şekil taslamalary-da görkezildi.
Aýnur Goçakowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...