Milli binagarlik

Milli binagarlik
Makalalar
18.12.2022, 14:46
619
0
Milli binagärtlik usullary ösdürilýär

Häzirki döwürde tutuş ýurdumyz ajaýyp binalaryň ýurduna öwrüldi. Gün-günden gözelleşýän oba-şäherlerimiz munuň aýdyň subutnamasydyr. Gurluşyk işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Şeýle uly ähmiýetli gurluşyklaryň biri hem Ahal welaýatynyň täze gurulýan merkezidir.

Bu merkeziň gurluşygynda häzirki zaman dünýäsiniň ösen, täze tehnologiki usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde-de milli ýörelgelerden ugur alnyp gurulýan desgalarda halkyň milliligi bilen täze usullaryň utgaşykly alnyp barylmagy buýsanç duýgularyny kalbyňa salýar. Bu gurulýan ajaýyp binalaryň gözelligine görk goşýar.

Edil beýleki welaýatlarda bolşy ýaly sahawatly Ahal topragynda täze metjidiň gurluşyk işleriniň dowam edýändigi hem gadymyýetden gözbaş alýan milli däp dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Hajy Arkadagymyz bu gurluşygyň gidişinde milli aýratynlyklara üns bermelidigi barada din wekilleri hem il sylagly ýaşululara sala salyp, içki bezeg aýratynlyklarytna möhüm ähmiýet bermelidigini gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, amatlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigi babatynda aýratyn üns merkezinde saklamalydygyny sargaýar. Bu usul uly depginler bilen dowam edýän gurluşygyň ähli ugurlary boýunça, döwlet tarapyndan gözegçilikde saklanýandygy hem bellemäge mynasypdyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Orazberdi Hojamuhammedow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0