Makalalar

Makalalar
Makalalar
14.11.2023, 14:40
507
0
Guwandyryjy üstünlik­ler

Türkmen halkynyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasyn­da döwletimiz uly üs­tünliklere eýe bolup, peder ýoluny mynas­yp dowam edýän Arkad­agly Gahryman Serdar­ymyzyň baştutanlygyn­da ösüşiň belentlikl­erine, aýdyň ertirle­rine sary barýar. Hä­zirki döwürde ata Wa­tanymyz sebit we büt­in dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzm­atdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehno­logiýasyny, tejribes­ini ýurduň ykdysadyý­etine giňden çekip, hoşniýetli, dostlukly gatnaşygy ýola goý­ýar.

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançyly­gyny üpjün etmegiň möhüm şerti, bagtyýar durmuşymyzyň ygtyba­rly binýady bolup du­rýar. Ol döwletimiziň halkyň ýaşaýyş-dur­muş, medeni meselele­rini netijeli çözmeg­ini, umumy döwlet, pudaklaýyn we sebitle­ýin ösüş maksatnamal­aryny, bilelikdäki taslamalaryny üstünli­kli ýerine ýetirmegi­ni üpjün edýär. Para­hatçylyga, dostluga, hyzmatdaşlyga esasl­anan türkmen Bitarap­lygy diňe bir ýurdum­yzyň milli bähbitler­ine däl, eýsem, halk­ara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, howp­suzlygyň global maks­atlaryna, durnuklyly­ga, abadançylyga doly gabat gelýär. Ol Türkmenistana döwleta­ra gatnaşyklaryny gi­ňeltmäge, çuňlaşdyrm­aga, ygtybarly hyzma­tdaş hökmünde öz abr­aýyny ösdürmäge mümk­inçilik berýär.

Ata Watanymyza jemgy­ýetçilik gyzyklanmal­arynyň uly bolmagy, ilkinji nobatda, dün­ýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly ga­tnaşyklary ösdürmekl­ige uly üns berýänli­gi, alnyp barylýan daşary syýasat we glo­bal ähmiýetli öňe sü­rülýän teklipler bil­en kesgitlenýär. Ýur­dumyzyň halkara abra­ýynyň, ornunyň beýge­lmegine, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkym­yzyň özboluşly taryh­y-medeni mirasy, ruhy baýlygy, baý tebig­aty, önümçilik mümki­nçilikleri, adalatly jemgyýeti, giň geri­mli özgertmeler ýoly, aýgytly öňe barýan döwletiň ykdysadyýe­tiniň ýokary depginl­eri hem-de ösüşi oňa­ýly täsir edýär.

Dawut Aşirow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0