Aşgabatda dünýä çempionaty geçirildi

Aşgabatda dünýä çempionaty geçirildi
Makalalar
01.12.2023, 10:17
356
0
01.12.2023ý.

Aşgabatda dünýä çempionaty geçirildi

Dünýäniň çar künjeginden ussat türgenleri bir ýere jemlän çempionatda 15 agram derejesinde çykyş eden 15 sany türkmen türgeniniň ählisiniň hem baýrakly orunlara mynasyp bolmagy guwandyryjy wakadyr. Bu täze taryhy döwürde belent ruhly, sagdyn bedenli, öňlerinde belent maksatlary goýan täze nesliň — Arkadagly bagtyýar ýaşlaryň kemala gelýändigine aýdyň güwä geçýär.

Türkmen türgenleri bu abraýly dünýä çempionatyny 5 sany altyn, 6 sany kümüş hem-de 4 sany bürünç medallara eýe bolup, uly ýeňiş bilen tamamladylar. Öz agram derejelerinde üstünlikli çykyş eden milli ýygyndymyzyň zenan türgenleri Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Sabina Kadyrowa dagy dünýäniň çempiony bolmagy başardylar. Şolaryň arasynda türkmenabatly Sabina Kadyrowanyň diňe bir çempionlaryň däl, eýsem çempionata gatnaşan ähli türgenleriň arasynda iň ýaş türgendigini aýratyn nygtamak zerur. Zenan türgenleriň arasynda öz agram derejelerinde Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Jahan Muhammedowa we Sabina Agajanowa kümüş, Gülşat Annaýewa bolsa bürünç medallaryň eýeleri boldular.

Tejribeli erkek türgenleriň arasyndaky çekeleşikli tutluşyklarda öz agram derejelerinde ýokary netije görkezen Wepa Awlýakulyýew bilen Daýanç Omirow altyn medallara mynasyp boldular. Şeýle hem ýeňiş münberiniň ikinji basgançagyna çykan Sanjar Abdyrahmanow, Şatlyk Jumanyýazow dagy kümüş medallary eýelediler. Öz agram derejelerinde bürünç medalyň eýeleri bolan Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew, Döwlet Hemrakulyýew dagy hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, dünýä çempionatynda altyn medallaryň hasaby boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysy arzyly ikinji orny eýeledi. Geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda bir kümüş, iki bürünç medal gazanan milli ýygyndy toparymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan bu üstünligi ýurdumyzda ýaş nesliň sport bilen meşgullanmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändiginiň, milli sport ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Azym Annamow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0