Bedew batly Watanym

Bedew batly Watanym
Makalalar
08.05.2023, 19:56
225
0
Bedew batly Watanym!

Ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine, batly gadamlaryna bedew batly diýilmegi ýöne ýerden däl. Aslynda türkmen halky gadymlardan bäri bedew aty öz gardaşy saýyp gelipdir. Gorkut atanyň “Men saňa atym diýmerin, gardaşym diýerin” diýmegi muňa aýdyň mysaldyr. Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün türkmen bedewiniň at-abraýy arşa göterildi. Hut ýurt derejesinde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bedew baýramçylygynyň bellenilip geçilmegi-de muňa şaýatlyk edýär. Her welaýatda ýörite aýlawlaryň gurulmagy, öňki bar bolan aýlaw meýdançalarynyň durkunyň täzelenmegi, ol ýerlerde halkara at çapyşyklarynyň geçirilmegi, bedewleriň gözellik bäsleşikleriniň guralmagy, öňden gelýän asylly däpleriň şu günki günde döredijilikli ösdürilmeginden nyşandyr. Ýörite bu ugurdan ylmy-amaly konferensiýalaryň guralmagy, dünýä boýunça atçylyk babatyndaky abraýly halkara guramalaryna ýurdumyzyň agzalyga kabul edilmegi hem buýsandyryjy wakalardyr.

Berkarar ýurdumyzyň Bagtyýarlyk eýýamynda türkmen bedewine goýulan sarpanyň belende göterilmegi, ýyndamlygy bilen haýrana goýýan ahal-teke bedewleriniň täze neslini kemala getirmekde alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Netijede biziň ykballarymyzyň ganaty saýylýan bedewlerimiz bütin dünýäde ýyndamlygy hem owadanlygy bilen meşhurlyk gazanýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Merdanmuhammet Durdymyradow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0