Bitaraplyk buysanjymyz

Makalalar
Bitaraplyk buýsanjymyz ¬bagtymyz
Dünýäniň ýüzünde iki gezek, özem ilkinji gezek, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýörite Kararnama bilen ykrar edilen ýurt – bu biziň Watanymyz – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandyr. Şeýle ajaýyp Watanyň bagtyýarlyk eýýamynda ýaşaýanymyz üçin, biz bagtly nesil. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen öz halkyna bagş eden Bagtyýarlyk zamany – Bitaraplyk ýörelgesi bilen Berkarardyr.
Bitaraplyk syýasaty diýlende, onda dolulygynda ýaşylyga ýugrulan türkmen häsiýeti orta çykýar. Dosta wepalylyk, dogana hamraklyk, mätäje kömek etmek, zerura ýardam, adamzady agzybirlige çagyrmak, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, özrara düşünişmezligi aradan aýyrmak, dünýäniň global meselelerini çözmek üçin merkez bolup hyzmat etmek, jedelli meselelerde hem bitaraplygy saklap, ýöne jedelleşýän taraplaryň gepleşikler üsti bilen düşünişmegini gazanmak, türkmen halkynyň öz aýdyşy ýaly: “Dogany dost etmek, dosty hem dogan”... Bu ýagşy niýetleri näçe sanasaň sanap oturmaly. Şolaryň hemmesi jemlenip, türkmen halkynyň ýagşy niýet päli bolup, bu gün dünýä ýüzüne özboluşly türkmen Bitaraplygyny berdi. Ýagşylyga suwsan dünýä halklarynyň goldamagy bilen 12-nji dekabr BMG tarapyndan “Halkara bitaraplyk güni” diýlip yglan edildi. Şeýle ajaýyp baýarmçylygyňyz gutly bolsun mähriban ildeşler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Muhammet Atekaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...