Arkadag saheri

Arkadag saheri
Makalalar
25.12.2022, 16:47
616
0
Arkdag şäheri

21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 3-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçiren iş maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy. «Arkadag» ady dakylyp, şäher derejesi berildi Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň täze şäheri, şeýle hem onuň merkezi binalaryny atlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek babatda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habary aýtdy. Karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine geçirmek, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerini kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmak, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşligini ýatyrmak, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmegi bellenildi. Şeýle hem «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, halkyň erk-islegi esasynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň – Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adyny dakmak bellenildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Kerimberdi Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0