Garaşsyzlyk guwanjymyz

Garaşsyzlyk guwanjymyz
Makalalar
10.09.2023, 14:39
286
0
Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Mukaddes ata Watan, ene toprak türkmen halkynyň köňül köşgüniň ruhy sütünidir. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa başymyzyň tylla täjidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ösüşlere beslenýän şeýle ajaýyp günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna barýarys.

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip bellemegi ynsanlarda ýakymly duýgulary döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkyna uly bagt getirdi. Döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterdi. Il-ulsumyz mukaddes Garaşsyzlygyna ruhubelentlik bilen guwanýar, watansöýüjilik bilen buýsanýar, erkanalyk ylhamy joşup, ony diliniň senasyna öwrüp, belentden-belent wasp edýär. Garaşsyzlyk halkyň çüwen nurana bagtydyr, arşa göterilen ykbalydyr, milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasydyr, ähli üstünliklerimiziň özenidir.

Geldimämmet Geldimämmedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0