Magtymguly pragy

Magtymguly pragy
Makalalar
30.11.2022, 22:46
935
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Taýsyz genji-hazyna

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň genji hazynasydyr. Ol diňe bir türkmen halkynyň genji-hazynasy bolmak bilen çäklenmän, adamzat dünýäsiniň akyl-paýhasynyň hem göwher şamçyragydyr. Akyldar şahyrymyzyň şeýdip dünýä derejesinde ykrar edilmeginde medeniýet we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bardyr.

Kämillik akabasynda Magtymguly Pyragy bir wagtyň özünde Gündogaryň geçmiş akyldarlarynyň pähim-paýhaslaryny hem döredijilikli ösdüren dowm etdiriji bolup durýar. Onuň geçmiş şahyrlarynyň, alym-ulamalarynyň döredijiligi bilen giňiuşleýin tanyş bolandygyny döredijiliginden hem görmek bolýar. Muňa mysal hökmünde şahyryň “San bolsam” atly goşgusyny görkezip bolar. Şol goşgynyň dowamynda özünden kän öň ötüp, yslam äleminde yslam äleminde yz goýup giden alym-ulamalar bilen bir hatarda şahyrlaryň hem atlaryny agzap geçýär.

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany, Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany, Jelaletdin Rumy, Jamy elnamy, Alarnyń ýanynda men hem san bolsam.

Damengirde ýören ussat Nowaýy, Çar diwany, Perhat – Şirin, Zibayy, Zahyreddin Babyr, Mizan el öýi, Gaşlaryna baryp men Mežnun bolsam,

Okyp idim Saadynyń men “Bostanny”, Gör, ne ajap Hakanynyń “Meýdany”, Istär men “Şahnama”, “Sakynamany”, Mälik Omar birlen Süleýman bolsam.

Bu şol goşgudan alnan birje bölejik. Şunuň özem Magtymgulynyň döredijiliginiň giň gerimli bolandygyny görkezýär. Ady agzalýan şahsyýetleriň hemmesi-de Gündogar edebiýatynyň üsti bilen dünýä edebiýatyna öz täsirini ýetirip bilen şahsyýetlerdir, Edil şeýle hem Magtymguly Pyaragynyň özi hem olaryň adyny beýgeltmek bilen öz adyny dünýäniň edebi hazynasyna goşmagy başaran akyldardyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Oraz Aganazarow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0