Kofe

Kofe
Makalalar
08.05.2023, 19:41
238
0
Kofe önümçiligi

Adamlaryň köpüsi kofe içmäni halaýarlar. Ýöne kofe önümçiligi hakynda bilýärmikäler? Esasanam kofäniň watany Braziliýa diýip hasap edýärler. Ýöne kofe önümçiligini başgada rowaç edip öndürýän ýurtlar az däl. Hakykatda bolsa köfe öndürmekde Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa, Indoneziýa we Efiopiýa öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýäde 70-den gowrak döwletde kofe öndürilýän bolsa-da, bu önümçiligiň 75 göterimi ýokardaky ady agzalan ýurtlarda öndürilýär. Dünýä boýunça ortaça hasap bilen öndürilýän kofäniň 40 göterimi Braziliýa degişlidir. Netijede bu ýurt kofe öndürmek boýunça öňdeligi eýeleýär. Geçen ýyl Braziliýada 3 million 756 müň tonna kofe hasyly ýygnalypdyr. Ikinji orunda barýan Wýetnamda bolsa bu görkeziji 20 göterime barabardyr.

Üçünji orunda bolsa, bu önümçiligiň 10 göterimini öndürýän Kolumbiýa döwleti barýar. Kofäni sarp etmekde Finlandiýa öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda her adam başyn ýylda 12 kilogram köfe sarp edilýär. Kofäniň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplary hakynda hem köp gürrüň edilýär. Ýöne her zat öz ýerinde çeni bilen ýagşydyr.

Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlan:

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Atamyrat Jumaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0