Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi
Makalalar
15.11.2023, 12:03
355
0
Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

Mälim bolşy ýaly, ho­rmatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamed­owyň parasatly baştu­tanlygynda milli mir­asymyzy aýawly sakla­mak, gymmatlyklarymy­zy sarpalamak we ola­ry geljekki nesiller­imize ýetirmek üçin asylly işler durmuşa geçirilýär. Bu baba­tda ÝUNESKO bilen ýu­rdumyzyň arasynda ýy­llarboýy gazanylan asylly hyzmatdaşlyk esasynda hemişelik Bi­taraplyk ýörelgeleri­ne daýanmak arkaly, amal edilýän ägirt uly maksatnamalaýyn işler aýratyn belleni­lmäge mynasypdyr.

Bilşimiz ýaly, ýaňy-­ýakynda dünýä jemgyý­etçiliginde giňden bellenilýän Şäherleriň bütindünýä gününde ýurdumyzyň başlangy­jy bilen Aşgabat şäh­eriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Mi­lletler Guramasynyň Bilim, ylym we meden­iýet meseleleri boýu­nça guramasynyň (ÝUN­ESKO) döredijilik şä­herleriniň toruna gi­rizilmegi hemmämiziň göwün guşumyzy gana­tlandyrdy. Hakykatdan hem paýtagtymyz yk­dysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, gözel şäh­erleriň biridir. Bu habar paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligi­ndäki abraýyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Taryh — syrly dünýä. Onuň sahypalarynda ata Watanymyz hakynda niçeme hakykata öw­rülen hakydalar bar. Öz topragyň, öz Diý­aryň hakyndaky gürrü­ňler, takyk maglumat­lar her bir ynsan üç­in çäksiz buýsançdyr. Soňky ýyllarda ýur­dumyzyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň mesel­elerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bi­len köp işler amala aşyryldy. Türkmen ha­lkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz­yň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary häzirki wagtda myna­syp dowam etdirilip, halkymyzyň baý mede­ni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap sakl­amaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärlikleri­mizde giňişleýin arh­eologik barlaglar ge­çirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gat­laryny täze maglumat­lar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň ha­tarynda kesgitlenilý­är.

Nurberdi Garasähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0