“Magtymguly diýip adym tutsalar”

“Magtymguly diýip adym tutsalar”
Makalalar
16.07.2023, 20:14
189
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

“Magtymguly diýip adym tutsalar”

Akyldar şahyryň bu niýeti türkmen ykbalynyň galkyp, bagtyýarlyk eýýamyna ýetende hasyl boldy. Beýik akyldaryň sarpasy sarpalanyp, hormaty beýge galdy. Türkmen halkynyň Milli lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen ruhunyň geçmiş ägirtleri tirsegine galdy. Türkmen taryhynyň geçmiş sahypalaryny öz gahrymançylygy, zehin ýitiligi, pähim-paýhasy bilen bezemegi başaran gerçek ogullaryny hatyralamak biziň döwrümiziň iň bir hormatly däpleriniň birine öwrüldi. Hut şu nukdaý nazardan seredip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek barada gelnen karar bu halkymyzyň köňül islegidi. Şol islegem hasyl boldy.

Islendik taryhy şahsyýeti öz döwri we öz milletiniň ogullary goldap orta çykarypdyr. Oňa halky buýsanypdyr. Şu babatda türkmen halky hem öz akyldar şahyr ogly bilen buýsanmaga haklydyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň baýlygy hem çuňlugy, ony okan beýleki halklaryň hem wekillerini biygtyýar gozgalaňa salýar. Netijede şu günler Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek işi goňşy, doganlyk halklaryň arasynda hem dowam etdirilýär. Bu bolsa biziň buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Kerim Garlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0