Sport

Makalalar
Gaýtalanýan ýagdaý
Sportda dürli hili täsinlikler bolup geçýär. Köpleriň janköýerlik edýän futbol oýnunda hem şeýle. Käte pikir etmeýän toparlaryň orta çykyp, haýran galdyryjy netijeleri görkezýär. Netijede futbol äleminde täze-täze ýyldyzlar döreýär. Ady belli “Mançestr Ýunaýted” topary näme üçindir ispan toparlaryndan asgyn gelmegini dowam etdirýar. UEFA Ýewropa ligasynda ýarym finalçylar belli bolanda ýene-de “Mançestr Ýunaýtediň” garşydaşy “Sewilýa” topary boldy duruberdi. Angliýada deňme-deň oýnanam bolsa, “Sewilýa” öz meýdançasynda garşydaşlarynyň derwezesinden jogapsyz 3 pökgini geçirmegi başardy. Indi alty möwsümden bäri diňe ňspan toparlaryndan ýeňilip gelýan “Mançestr Ýunaýted” toparyna ýene-de indiki duşuşyklara çykmak nesip etmedi. “Sewilýa” bolsa 10 ýylyň dowamynda 4 gezek kubogy eýelemegi başardy.
Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlan:
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Öwezgelen Ymamberdiýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...